Iňlis diliniň Oksford sözlügi “rage bait” sözüni (sözme-söz terjimesi – “gazap duzagy”) 2025-nji ýylyň sözi diýip yglan etdi. Bu barada Oxford University Press neşirýatynyň saýtynda habar berildi. “30 000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda üç gün dowam eden ses berişlikden soň, biz rage bait-i ýylyň resmi sözi hökmünde saýladyk” – diýlip, habarda aýdylýar. Bu söz bilen “gahar-gazap ýa-da nägilelik döretmek üçin bilkastlaýyn niýetlenen, adatça, trafigi ýokarlandyrmak ýa-da bellibir web-sahypa ýa-da sosial ulgamlarda akkaunta ünsi çekmek maksady bilen paýlaşylýan gaharyňy getiriji, öjükdiriji ýa-da kemsidiji onlaýn kontente” düşünilýär. Soňky bir ýylda onuň ulanylyş ýygylygy üç esse ýokarlandy. “Rage bait sözüniň bar bolmagy we şeýle köp ulanylmagy biziň Internetde nähili manipulýasiýa usullaryna çekilip biljekdigimize barha gowy düşünýändigimizi aňladýar. Ozal Internet salgylanmalara geçmäge höwes döredip, biziň ünsümizi çekmäge gönükdirilýärdi, ýöne häzir biz onuň gurşap alandygyny we biziň duýgularymyza, nähili reaksiýa bildirýändigimize täsir edýändigini görýäris. Bu tehnologiýa dünýäsinde adam bolmagyň nämäni aňladýandygy we onlaýn-medeniýetiň ahyrky derejesi baradaky gürrüňiň tebigy dowamyna meňzeýär” – diýip, Oxford Languages-iň prezidenti Kasper Gratwol belledi. Geçen ýyl Oksford sözlügi ýylyň sözi hökmünde brain rot-y saýlapdy, ol gönüden-göni “beýniniň çüýremegi” diýlip terjime edilýär.