Huawei kompaniýasy Mate 80 hatary bilen birlikde öz Mate X7 eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy. Model täzelenen dizaýna we kämilleşdirilen kameralara eýe bolup, öňküsinden has inçe we berk boldy. Mate X7 durulygy Full HD+, täzelenme ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 3000 nite çenli bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekran bilen üpjün edildi. Içki displeýiň diagonaly 8 dýuým, durulygy 2416x2210 piksel, ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 2500 nite çenli. Smartfonyň ýogynlygy açylan görnüşde 4,5 mm, ýygnalan görnüşde 9,5 mm, agramy bolsa 235 grama barabar. Smartfon Kirin 9030 çibinde işleýär we 20 GB çenli operatiw hem-de 1 TB çenli içki ýat bilen üpjün edilip bilner. Model IP58 we IP59 ülňüleri boýunça suwdan goraga eýe boldy. Ekran ikinji nesil Kunlun Glass aýnasy bilen örtüldi. Görkeziş synaglarynda smartfon gyzgyn suwa, metal şaryň urgusyna we köp gezek egreltmä çydady. 5600 mA/sag sygymly akkumulýator 66 Wt kuwwatly simli we 50 Wt simsiz zarýady goldaýar. Şeýle-de, “Ekspedisiýa” režimi bolup, onuň kömegi bilen smartfon bir zarýadda 10 güne çenli işläp bilýär. Kameralar Mate 80 Pro bilen meňzeş: üýtgeýän diafragmaly 50 Mp esasy modul, 3,5x optiki zum bilen periskop, 40 Mp ultra giňburçly kamera we 8 Mp frontal. Collector’s Edition wersiýasynda esasy modul üçin uly 1/1,28 dýuým datçik ulanylýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ol iPhone 17 Pro Max-daky sensordan iki esse köp ýagtylyk ýygnaýar, periskopik kamera bolsa 127% köp ýagtylyk geçirýär. Model bäş wersiýada hödürlenýär: 12/256 GB — $1830; 12/512 GB — $1970; 16/512 GB Collector’s Edition — $2110; 16 GB/1 TB Collector’s Edition — $2250; 20 GB/1 TB Collector’s Edition (stilus bilen) — $2480. Smartfon bäş reňkde çykýar: Obsidian Black, Cloud Blue, Cloud White, Universal Red we Phantom Purple (soňkusy diňe Collector’s Edition üçin).