2026-njy ýylyň ýazynda 17-nji hataryň iň arzan aýfony bolan iPhone 17e-niň çykmagyna garaşylýar. Pudagyň seljerijisi Jeff Pu eýýäm smartfonyň nähili boljakdygyny anyklady. Onuň sözlerine görä, täzelenme düýpli bolar. Daşyndan iPhone 17e häzirki iPhone 16e meňzeýär: gyralary göni, 6,1-dýuýmlyk ekranly ykjam korpusy bar we bir kameraly. Emma öňdäki "ekran kesigi" (notch) ýitip, onuň ýerini has möhüm funksiýaly Dynamic Island kesigi eýelär. Şeýle-de, kompaniýa içki enjamy hem gowulandyrar. iPhone 17e iPhone 17-de hem ulanyljak Apple A19 prosessory, şeýle hem täzelenen C1 modemi we N1 aragatnaşyk çipi goýlar. N1 çipi Wi-Fi 7, Bluetooth we Thread tehnologiýalaryny birleşdirýär. Iň göze ilýän täzelenme öň kamerada bolar: iPhone 17e iPhone 17-den kwadrat sensorly we Center Stage goldawly 18-megapiksel öň kamerasyny miras alar. Bu funksiýa smartfony dikligine saklap, kese görnüşli selfileri etmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir