Time Out žurnaly iýmiti, dynç alşy we atmosferany göz öňünde tutup, ýerli redaktorlaryň we bilermenleriň saýlamagynda dürli ýurtlardan iň gowy 31 köçäniň reýtingini hödürledi. Sanaw neşiriň saýtynda elýeterli. Awtorlar reýtingdäki köçeleriň öz şäherleriniň häsiýetini we şähdini görkezýändigini belleýär. Ilkibaşda dürli ýurtlardan redaksiýalar öz tekliplerini berdi, soňra syýahat ugrunda işleýän Time Out halkara topary sanawy gözden geçirip, her bir ýere elýeterli hyzmatlar, medeni işjeňlik, edaralar we ýerli jemgyýetiň derejesi boýunça baha berdi. Birinji orny Rio-de-Žaneýronyň merkezindäki Senado köçesi eýeledi. Bu köçe ozal antikwar dükanlary bilen bellidi, häzir bolsa öňküsinden hem has işjeň ösýär. Syýahatçylara bu ýere şenbelerine gelmek maslahat berilýär – şol gün köçede Armazém Senado sambasy ýerine ýetirilýär. Ikinji orunda Osakadaky Mämişi köçe ýerleşdi. Ilkibaşda ol hem antikwar merkezidi, ýöne 2010-njy ýyllarda ol ýerde global stritwir markalary (köçe egin-eşik brendi) peýda bolup başlady, soňra olara ýapon markalary hem goşuldy. Häzir bu ýerde köne dükanlar, iýmit nokatlary we retro-kissatenler (wagtyňy rahat geçirmek üçin ýer bolup hyzmat edýän ýapon kofehanalary) işleýär. Üçünji orny Portudaky Bonžardim köçesi eýeledi. Bu ýer meşhur syýahatçylyk ýollarynyň golaýynda ýerleşmek bilen, ýerli ýaşaýjylar üçin hem özüne çekiji ýer bolup galýar. Şeýle-de, ilkinji onluga Çendudaky Fan Gua, Monrealdaky Şerbruk-strit-West, Brisbendäki Montegýu Roud, Berlindäki Maýbahufer, Salonikidäki Olimpiu, Nýu-Ýorkdaky Orçard-strit we Hoşimindäki Win Han girdi.