Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn kärhanalarynyň we kompanýalarynyň, bilim we ylym edaralarynyň, şeýle hem BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahat Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň we Niderlandlaryň wekillerini bir ýere jemledi. Umumy mejlisdäki çykyşlarda ulag hyzmatdaşlygynyň halkara-hukuk esasyny emele getirýän wezipelere garaldy. Soňra maslahat «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy», «Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary« hem-de «Türkmenistanyň ulag pudaklarynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy» diýen bölümçe mejlisleriniň işleri bilen dowam etdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag pudagynyň eýeleýän orny, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary pudaklarynda durmuşa geçirilýän milli we halkara taslamalarynda ýurduň ulag diplomatiýasy, şeýle hem bu ulgamda ulag strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we «Açyk gapylar» syýasatynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatda Owganystanyň wekilleriniň – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uçurymlarynyň çykyşlary boldy. Uçurymlar bu ýokary okuw mekdebi dürli ýyllarda tamamlap, häzirki wagtda öz Watanynyň demir ýol ulaglary pudagynda üstünlikli zähmet çekýärler. Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyzyň ulag ulgamynda, şeýle hem ylmy-barlag, okuw-usulyýet bilim işlerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir