24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Bu ýylky sergi çäresinde dört türkmen öndüriji kompaniýasy çykyş edýär: Altyn Ýunus, Arçalyk, Doganlar Ýyldyzy we Ýüpekçi. 17 müňe golaý inedördül metr meýdany bolan döwrebap Erbil International Fairground toplumynda guralan sergi 27-nji noýabra çenli dowam eder. Ilkinji üç gün — 11:00–19:00 aralygynda, soňky gün bolsa — 11:00–17:00 aralygynda myhmanlar üçin açyk bolar. Agro Pack Iraq sergisi däp boýunça ýokary görkezijiler bilen tapawutlanýar: sekiz üstünlikli geçirilen sergi möwsümi, 20-den gowrak ýurtdan 360-dan gowrak gatnaşyjy we eksponent. Sergä her ýyl 14 müňden gowrak ýokary hünärli myhman gatnaşýar. Şeýlelikde, onuň azyk önümlerini gaýtadan işlemek, gaplamak, saklamak we logistika ugurlary boýunça innowasiýalaryň, enjamlaryň hem-de çözgütleriň görkezilýän sebitdäki esasy platforma bolup galmagyna şert döredýär. Türkmen tarapynyň gatnaşygyny gurnamakda halkara kompaniýalar Sofuar we Net Organization guramaçylyk taýdan ýokary derejede goldaw berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir