Volkswagen kompaniýasy Passat ePro atly goşmaça gibridli (hybrid) Passat sedanyny tanyşdyrdy. Autonews-iň habar bermegine görä, ulagyň premýerasy Guançžou Awto sergisinde boldy. Bu täzelik Hytaý bazary üçin SAIC we nemes kompaniýasy Volkswagen-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredildi. Passat ePro PHEV (Plug-in Hybrid Electric Vehicle) tehnologiýasy esasyndaky gibrid desga bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu, içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň (IÝH) generator hökmünde işleýän we göni tekerlere baglanmaýan yzygiderli gibriddir. IÝH-niň we elektromotorlaryň umumy kuwwaty 250 at güýjünden biraz ýokarydyr. Dizaýn boýunça bu model Passat üçin tanymal bolan, asuda stilde ýerine ýetirilendir. Öň tarapynda inçe LED zolakly minimalistik faralar, yz tarapynda bolsa Hytaý üçin öndürilýän häzirki zaman Volkswagen modellerine mahsus bolan ýekeje yzky çyralar blogy ýerleşdirilendir. Awtoulagyň içki dizaýnynda-da minimalizm agdyklyk edýär. Esasy elementler iki sany ekrandyr: enjamlar paneli we multimedia ulgamy. Fiziki düwmeler az; suratlardan görnüşi ýaly, olar diňe rulda we gapylarda ýerleşýär. Düzülişine garanyňda, ulagyň funksiýalarynyň köpüsi merkezi displeý arkaly dolandyrylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir