Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär. Bökdençlikler ulgama ilkinji gezek girilen (awtorizasiýa edilen) badyna derrew ýüze çykyp biler. Mesele diňe adaty kompýuter eýelerine däl, eýsem ulanyjy her gezek girende iş stoly gurşawynyň täzeden döredilýän wirtual iş gurşawynyň (VDI) ulanyjylaryna hem täsir edýär. Meseläniň sebäbi, XAML garaşlylyklaryna jogapkär bolan bukjalaryň dogry bellige alynmazlygydyr. Täzelenmeleri gurnandan soň, MicrosoftWindows.Client.CBS, Microsoft.UI.Xaml.CBS we MicrosoftWindows.Client.Core komponentleri dogry bellige alnyp ýetişilmezligi mümkin. Bu bolsa kaskad täsirine getirýär: ulanyjy interfeýsiniň Explorer.exe, StartMenuExperienceHost we ShellHost.exe ýaly möhüm elementleri işini nädogry tamamlaýar ýa-da öz-özünden ýapylýar. Netijede, OS funksiýalarynyň belli bir bölegi işlemegini bes edýär we ulanyjylar gowy işlemeýän ulgamy görýärler. Microsoft iýul aýyndaky aýlyk jemleýji täzelenme (KB5062553) ýa-da ondan soňky täzelenmeler gurnalandan soň, içki gözlegiň işinde, «Start» menýusynda, wezipeler panelinde, «Provodnik»-de we ulgam sazlamalarynda bökdençlikleriň bolmagynyň mümkindigini aýdyňlaşdyrdy. Kompaniýa bu meseläni çözmek üçin eýýäm patç çykarmagyň üstünde işleýär. Wagtlaýyn çözgüt hökmünde Microsoft ýetmeýän paketleri PowerShell arkaly elde bellige almagy we soňra enjamy täzeden ýapyp-açmagy (perezagruzka) maslahat berýär. Wirtuallaşdyrylan VDI gurşawlary bolan guramalar üçin, «Prowodnigi» işe girizmezden öň işleýän we zerur komponentleri öňünden bellige alýan ýörite skript ulanmak teklip edilýär.