Mate 80 smartfon hataryndan başga-da, Huawei kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasynda täze MatePad Edge planşetini görkezdi. Ol gibrid gurluş bolup, klawiaturaly esas arkaly noutbuga hem öwrülip bilýär. Täze planşetiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda durulygy 3120 x 2080 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14,2 dýuýmlyk uly OLED ekrany bar. Huawei onuň inçe çarçuwasyna-da (4,1 mm) aýratyn ünsi çekýär. Planşet 10 ýadroly CPU bilen 10 ýadroly GPU Ma Liang 920-i öz içine alýan bir kristally Kirin X90/X90A çibine esaslanýar. 2023-nji ýylda çykan MatePad Pro 13.2 bilen deňeşdirilende kompaniýa öndürijiligiň tas dört esse ýokarlanmagyny wada berýär. Planşet 16-dan 32 GB çenli operatiw ýat we 256-dan 2 TB çenli hemişelik ýat bilen üpjün edildi. Şeýle-de, MatePad Edge-de 140 Wt çalt zarýad alyş goldawy bilen 12 900 mA/sag sygymly akkumulýator oturdyldy; ters zarýad hem kuwwatly bolup, 40 Wt barabar. Öndürijiligi üpjün etmek üçin işjeň sowadyş ulgamy ulanyldy. Ol iki wentilýatordan, iki uly bug kamerasyndan, şeýle-de inçe suwuk sowadyş ulgamyndan ybarat. Planşetiň göwrümi 789 g agramda 312 x 212 x 6,85 mm barabar. Şeýle-de, 50 we 8 Mp iki kamera bar. Täze planşetiň bahasy wersiýasyna baglylykda 840-dan 1120 dollar aralygynda üýtgeýär. 1400 dollarlyk iň ýokary wersiýa klawiaturaly saklaýjy bilen Soft-Light ekranyny hödürleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir