Eli Lilly amerikan kompaniýasy 1 trln dollar bazar bahasyna ýetip, taryhda şeýle görkezijä ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy. Häzire çenli bazarda bu derejä, esasan, tehnologiýa kompaniýalary ýetipdi diýip, CNBC belleýär. Ýylyň başyndan bäri Eli Lilly-nyň paýnamalary Zepbound (artykmaç agramy azaltmak üçin) we Mounjaro (süýji keseline garşy) derman serişdelerine bolan ýokary islegiň netijesinde 37% gymmatlady. Üçünji çärýekde diňe Mounjaro serişdesiniň satuwy 6,52 mlrd dollara, Zepbound bolsa – 3,59 mlrd dollara ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 109% we 184% ýokarydyr. Maýadarlar 2026-njy ýylda bu inýeksiýa serişdelerini gerdejik görnüşinde çykarmagy meýilleşdirýän kompaniýanyň mundan beýläk hem ösüş gazanmagyna garaşýar. Hünärmenleriň hasaby boýunça, 2030-njy ýyllaryň başyna çenli agramy azaltmak üçin derman serişdeleriniň bazary 150 mlrd dollardan geçer we Eli Lilly onda öňdebaryjy oýunçylaryň biri bolup galar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→