Beýik Britaniýanyň ýel turbinalary bir günde 22,7 mln kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürip, täze rekord goýdy. Milli energetika ulgamy operatorynyň (Neso) maglumatlaryna görä, bu möçber 22 mln töweregi öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlik boldy. Täze rekord 11-nji noýabrda hasaba alyndy we ol 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ýetilen öňki 22,5 mln kWt/sag energiýadan geçdi. Şol gün ýurtda sarp edilen umumy elektrik energiýasynyň 43,6%-i ýel tarapyndan öndürildi, bu hem britan öýleriniň dörtden üçüsini energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Ýel turbinalary Beýik Britaniýada elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüldi. Ýel energetikasy boýunça RenewableUK maglumat bazasyna görä, ýurduň energetika ulgamyna, takmynan, 32 mln kilowatt kuwwatly ýel desgalary birikdirildi. Olar gury ýer we deňiz desgalarynyň arasynda deň bölünen bolup, olaryň arasynda dünýäde iň uly bäş deňiz ýel elektrostansiýasy hem bar. Şeýlelikde, ýel energetikasy Beýik Britaniýanyň durnukly energiýa üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýär we öndürijiligiň ösüşini görkezmegini dowam etdirýär.