21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige Türkmenistanyň dürli künjeginden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy. Iki gün dowam eden bäsleşikde ýaş inženerler “robot-sumo” (robot göreşi), “robot-ulaglaryň ýaryşy”, “labirint”, “çyzygy yzarlamak” we “çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek”, “robot-gämileriň ýaryşy” hem-de “ýumuş roboty” ýaly ýedi ugur boýunça bäsleşdiler. Hususan-da, ýaryşyň “ýumuş roboty” atly ugry aýratyn çekeleşikli boldy. Onda robotlar dürli päsgelçiliklerden geçip, bellenilen jisimi başlangyç nokada alyp gelmek boýunça ýaryşdyryldy. Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, “Robot-sumo” boýunça birinji orna paýtagtymyzdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň Robot tehnikasy gurnagynyň diňleýjisi Akgaýew Alihan; “Robot-ulaglaryň ýaryşy” boýunça birinji orna Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Kanalow Resul; “Labirint” boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Bäşimow Dawut; “Çyzygy yzarlamak” boýunça birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Annamyradow Mälik; “Çyzygy yzarlap, ýumuşlary ýerine ýetirmek” boýunça birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mämmettuwakow Adylşa; “Robot-gämileriň ýaryşy” boýunça birinji orna Aşgabat şäheriniň 96-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kakaýew Myrat; “Ýumuş roboty” boýunça birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjileri Öwezow Pirguly, Kulow Nurahmet, Hojageldiýew Röwşen dagysyndan ybarat topar mynasyp bolmagy başardy. Uniwersitetiň mejlisler zalynda ýaşyryň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan höweslendiriji sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şunda “ýumuş roboty” boýunça birinji orna mynasyp bolan ýaşlara “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan 4 reňkde we “3D” ölçeginde çap edýän printeriň sowgat berlendigini aýratyn bellemek ýakymly.