21-nji noýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň amaly meseleleri we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlyklar özara ynamy we bilelikdäki taslamalar üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmaga bolan çemeleşmä esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Taraplar söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, ulag-logistika, şeýle hem oba hojalygy, saglygy goraýyş we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdiler. Aýratyn üns ulag, dokma, farmasewtika senagaty, medeniýet, ylym, bilim, sport we ýaşlar syýasatyndaky mümkinçiliklere berildi. Saparyň çäklerinde Tatarystanyň wekilleri «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmenenergo» korporasiýasynyň, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Taraplar «Tatneft», «KER-Holding» we Kazan dikuçar zawody ýaly tatar kompaniýalary tarapyndan uly taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Maşyn gurluşygy, energetika we nebit çykaryş pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy. Türkmenistan Merkezi Aziýada «KAMAZ» markaly awtoulaglaryň iň uly sarp edijileriniň biri bolmagynda galýar — tehnikalaryň sany 10 müň birlikden geçýär. Korobçenko Türkmenistanda Tatarystanyň söwda öýüni açmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça 35 million dollara golaý bolan ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Tatarystan wekiliýetiniň başlygy hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň bu görkezijini şu ýylda 50 million dollara ýetirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir