Nissan kompaniýasy Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň bazarlary üçin täze nesil Navara pikabyny hödürledi. Model doly täze diýlip atlandyrylsa-da, kuzowdan onuň Mitsubishi L200/Triton awtoulagyna esaslanýandygy görünýär. Navara-nyň bir hereketlendirijisi, iki görnüşli doly herekete getirijisi bolar, geljekde bolsa has güýçli wersiýasy çykarylar. Satuw indiki ýylyň birinji çärýeginde başlar. Awstraliýa wersiýasy hakyky modelden Nissa-nyň firma stilinde ýerine ýetirilen öň böleginiň dizaýny bilen tapawutlanýar. Pikap V-şekilli we üýtgeşik nagyşly radiator gözenegine, täze bampere we markanyň ramaly modelleriniň faralaryna meňzeýän başga optika eýe boldy. Ýerli bazar üçin asgyç (podweska) hem sazlandy. Bu iş bilen Awstraliýanyň Premcar kompaniýasy meşgullandy. Ol geljekki Navara Warrior hardkor wersiýasynyň prototipini hem hödürledi. Navara Warrior başga asgyç elementleri, diametri 32,2 dýuým tekerli 17 dýuýmlyk tigirler, güýçlendirilen bamper, gorag plastinalary, dugalar we goşmaça yşyklar bilen üpjün edildi. Model dizaýn taýdan hem tapawutlanýar. Awstraliýada täze pikap 204 at güýjüni berýän 2,4 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar, ol alty basgançakly awtomatik guty bilen bilelikde işlär. Esasy Navara mufta we tigirler boş aýlananda iki yzky tigire birmeňzeş aýlanmaga kömek edýän ulgam bilen Easy 4WD doly herekete getiriji ulgamyny alar. Has gymmat wersiýalar Torsen differensialy we ýedi iş režimi bilen Super 4WD ulgamyna eýe bolar. Adaty üpjünçilige mediaulgam, 7 dýuýmlyk enjam paneli we 9 dýuým diagonally merkezi displeý girer.