Paramount “Nindzýa pyşbagalar” franşizasy boýunça janly aktýorlaryň gatnaşmagynda täze film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Studiýa bu işe “Forsaž” we “Sonik kinoda” filmleri boýunça tanalýan prodýuser Nil H.Morisi çagyrdy. Onuň maşgala filmi bolmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, režissýory hökmünde Ilýa Naýşuller bellenen “Nindzýa pyşbagalar: Soňky ronin” atly has ýokary ýaş reýtingi bolan filmi döretmek işleri soňa goýlup bilner. Şol bir wagtyň özünde, “Nindzýa pyşbagalar: Mutantlaryň ýeňlişi 2” multfilminiň premýerasynyň senesi belli boldy. Ol 2027-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda çykar. Gahrymanlar Mikelanjelo, Leonardo, Rafael we Donatello ilkinji gezek oýun formatda 1990-njy ýylda “Nindzýa pyşbagalar” filminiň çykmagy bilen peýda boldy. 2016-njy ýylda “Nindzýa pyşbagalar 2” filmi çykany bäri franşizada janly aktýorlaryň gatnaşmagynda ýekeje-de doly metražly film düşürilmedi.