Hytaýyň AgiBot (Zhiyuan Robotics) kompaniýasynyň adam şekilli roboty Suçžou bilen Şanhaýyň arasynda durmazdan 106 km ýol geçdi. Bu üstünlik “gumanoid robotynyň iň uzak pyýada syýahaty” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. AgiBot A2 iki GPS moduly, lidar we infragyzyl çuňluk datçikleri bilen enjamlaşdyrylan bolup, bu oňa gündiz we gije arkaýyn hereket etmäge mümkinçilik berýär. Robot 10-njy noýabrda gije Suçžoudan ýola düşdi we 13-nji noýabrda irden Şanhaýa geldi. Ol çalt çalşylýan akkumulýator ulgamynyň kömegi bilen durmazdan hereket edip bildi. Synag dürli şertlerde geçirildi: asfaltda, plitkada, köprülerde, ýapgytlarda we gijelerine ýagtylygyň çäkli bolan ýerlerinde. Bellenilişi ýaly, robot syýahatynyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etdi. Ýoluny tamamlandan soň, robot gowy ýagdaýdady. Şanhaýda ol hatda žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, syýahaty “ýatdan çykmajak tejribe” diýip atlandyrdy we oňa “täze aýakgap” gerek boljakdygyny aýdyp degişdi. AgiBot-yň uly wise-prezidenti Wan Çuan ýoly geçmek maksadynyň gumanoid robot tehnologiýasynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny görkezmekden ybaratdygyny belledi. “Köp adamlar üçin bir gezekde Suçžoudan Şanhaýa çenli ýol geçmek kyn, ýöne robot muny başardy” – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir