Britaniýaly astronom Mark Tompson alty sany täze ýyldyzlar toplumyny açyp, olary oturylyşyklar üçin niýetlenen ýeňil tagamlaryň şanyna atlandyrdy diýip, Daily Mail habar berýär. Ýyldyz toplumlary şeýle atlary aldy: ·“The Sausage Roll” (Büzmeçeli hamyr): ·“The Chicken Nugget” (Towuk naggetsi); ·“The Prawn Ring” (Krewetka halkasy); ·“The Pig in Blanket” (Ýorganly doňuz); ·“The Cheese on a Stick” (Taýakly peýnir); ·“The Mini Pizza” (Mini-pizza). 20-nji noýabrda “mikro-täze Aý” güni Ýeriň ýaşaýjylarynyň bu asman nygmatlaryny görmek mümkinçiligi boldy, çünki şol gün astronomik gözegçilikler üçin örän gowy şertler boldy: Aý gijeki asmanda asla görünmedi diýen ýaly we ýyldyzlar has ýiti ýagty saçdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir