Ýewropa ýaýlym birleşigi (EBU) “Ýewrowideniýede” ses bermegiň täze düzgünlerini yglan etdi. Esasy üýtgeşmeleriň arasynda ýarym finallara hünärmen eminleriň gaýdyp gelmegi we ses berişlikde kezzaplygyň öňüni almaga gönükdirilen täze çäreler boldy diýip, Bi-bi-si ýazýar. Çözgüt 2025-nji ýyldaky bäsleşigiň jemi boýunça köp sanly şikaýatlardan we aýyplamalardan soň kabul edildi. Şol ýyl Ysraýylyň wekili Ýuwal Rafael tomaşaçylardan 297 utuk (islendik gatnaşyjydan köp) gazandy, ýöne hünärmen eminleriň baha bermegi boýunça 14-nji orunda ýerleşdi. Bäsleşigiň jemi boýunça ol Awstriýanyň wekili JJ-den yza galyp, ikinji orny eýeledi. Netijede birnäçe gatnaşyjy tomaşaçylaryň sesleriniň netijelerini barlamagy talap etdi. Ahyrynda Rafaeliň mahabatynyň Ysraýylyň döwlet agentligi tarapyndan bölekleýin maliýeleşdirilendigi, şeýle-de onuň bu maksatlar üçin sosial ulgamlarda hökümet akkauntlaryny ulanandygy belli boldy, ýöne EBU muny düzgün bozma hökmünde kabul etmändi. Indi 2026-njy ýyldaky bäsleşik üçin çäklendirmeler girizildi: gatnaşyjylara (artistler we ýaýlyma berijiler) öz çykyşlaryny mahabatlandyrmak boýunça üçünji tarapyň, şol sanda hökümet guramalarynyň gurnaýan kampaniýalaryna işjeň gatnaşmaga rugsat berilmeýär. Ses berişligiň netijesine täsir etmek üçin islendik synanyşyk sanksiýalara getirer. Şeýle-de, tomaşaçylar bir töleg usulyny ulanyp, 10 gezekden köp ses berip bilmez. Indi ýarym finallarda hünärmen eminler hem ses berer. Bu düzgün 2023-nji ýylda ýatyrylypdy. Finalda bolşy ýaly, saýlanmak üçin utuklaryň ýarysy eminleriň, ýarysy tomaşaçylaryň sesinden ybarat bolar. Her ýurduň eminler toparyna ýedi adam (öňki bäşiň deregine) girer, olardan azyndan ikisi 18 – 25 ýaş aralygynda bolmaly. Häzire çenli birnäçe ýurt, şol sanda Niderlandlar, Irlandiýa we Ispaniýa bäsleşige gatnaşjakdygyny tassyklamady we Ysraýyly bäsleşikden çykarmagy talap edýär. Gutarnykly çözgüt dekabrda EBU-nyň baş assambleýasynyň mejlisinde kabul ediler. Gatnaşyjylaryň doly sanawyny Roždestwodan öň hödürlemek meýilleşdirilýär. Şu ýyl bäsleşige geçen ýyl gatnaşmadyk Bolgariýanyň, Moldowanyň we Rumyniýanyň gaýdyp geljekdigi belli boldy. “Ýewrowideniýe-2026” 12 – 16-njy maýda Wenada (Awstriýa) geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir