Christie's auksion öýi ilkinji işleýän hasaplaýjy maşynyň (kalkulýatoryň) seýrek nusgasyny söwdadan aýyrdy. Parižiň administratiw kazyýeti bu gymmatly zadyň Fransiýada galmalydygy barada karar çykardy diýip, "The Guardian" neşiri habar berýär. "La Paskalin" diýlip atlandyrylýan bu enjam fransuz matematigi we oýlap tapyjysy Blez Paskal tarapyndan 1642-nji ýylda, ol 19 ýaşyndaka döredildi. "Christie's" bu maşyna "auksiona çykarylan iň möhüm ylmy gural" diýip at berdi we ony 2 million ýewrodan gowrak pula satmak niýetindedi. Inkrustasiýaly gara agaçdan ýasalan bu gural, bir topar alymlaryň we gözlegçileriň ýüz tutmasyndan soň söwdadan aýryldy. Eksport rugsadyny bermek hem wagtlaýynça togtadyldy. Kazyýet şeýle diýdi: "Taryhy we ylmy gymmatlygyny göz öňünde tutup, "La Paskalin" ähtimal "milli miras" hökmünde tassyklanar, bu bolsa eksport şahadatnamasyny bermäge päsgel berýär". Bu enjam 1942-nji ýyldan bäri hususy eýeçilikde bolup, häzirki wagta çenli saklanyp galan hakyky sekiz sany nusganyň biridir. Kristisiň beýanynda, onuň adam aňynyň işini maşyn bilen çalşyrmak ugrundaky ilkinji synanyşykdygy bellenilýärdi. Paskal bu mehanizmleri Fransiýanyň demirgazygynda salgyt meseleleri bilen meşgullanan kazyýet başlygy bolan kakasynyň hasaplamalaryny ýeňilleşdirmek üçin döretdi. Beýik alym dürli meseleler, mysal üçin onluk droblary, täjirçilik amallary ýa-da salgytlary hasaplamak üçin birnäçe model işläp düzdi. Auksiona çykarylan görnüşi bolsa ýer ölçegçiler üçin niýetlenip, fut, dýuým we sažen ýaly ölçeg birliklerini ulanýardy. Alymlar topary, şol sanda 2021-nji ýylyň Fizika boýunça Nobel baýragynyň laureaty Jorjo Parizi satyşy petiklemek haýyşy bilen kazyýete ýüz tutdy. Olaryň beýannamasynda şeýle diýilýär: "La Paskalin" hasaplaýyş tehnikasynyň ilkinji mysalydy; ol Fransiýany kompýuter ösüşiniň, ýagny dünýä baradaky düşünjämizi üýtgeden rewolýusiýanyň mesgeni etdi."

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir