Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy. Bu netije 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. FIFA-daky reýtinginiň täzelenmeginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Arkadag şäherinde Hytaý Taýpeýiniň topary bilen bolup geçen soňky duşuşygy hasaba alyndy. Röwşen Meredowyň şägirtleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu üstünlik türkmen futbolçylaryna Saud Arabystanynda geçiriljek 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň «D» toparynda birinji orny saklamaga mümkinçilik berdi. Reýtingiň şu gezekki täzelenmeginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Malta we Filippinler bilen birlikde, bäş basgançak ýokary galyp, iň uly ösüşi görkezdi. Biziň ýygyndymyz 1087,52 utuk (+9,43) toplady. Toparyň iki ýyllyk rekordyny täzelän bu duşuşyk milli ýygyndy üçin şu ýyldaky iň soňky resmi duşuşyk boldy. 2025-nji ýylda futbolçylar Mergen Orazowyň, soňra onuň ýerine gelen Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda sekiz sany resmi duşuşyk geçirdiler. Olaryň dördüsi ýeňiş, biri bolsa deňlik bilen tamamlandy. FIFA-da milli ýygyndylaryň Top-10 reýtingi (utuklar bilen): Ispaniýa – 1877,18 utuk Argentina – 1873,33 utuk Fransiýa – 1870 utuk Angliýa – 1834,12 utuk Braziliýa – 1760,46 utuk (+2 basgançak ýokarlandy) Portugaliýa – 1760,38 utuk (-1 basgançak aşak düşdi) Niderlandlar – 1756,27 utuk (-1 basgançak aşak düşdi) Belgiýa – 1730,71 utuk Germaniýa – 1724,15 utuk (+1 basgançak ýokarlandy) Horwatiýa – 1716,88 utuk (+1 basgançak ýokarlandy)

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir