19-20-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine sapar amala aşyrdy. Bu sapar Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi. «Ermitaž» dünýäniň iň belli muzeýleriniň biri bolmak bilen, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýär. 1764-nji ýylda Ýekaterina II tarapyndan esaslandyrylan bu muzeý häzirki wagtda ýurduň medeni mirasynyň nyşanyna öwrüldi. «Ermitažyň» binagärlik düzümi birnäçe binalardan ybarat bolup, olaryň iň meşhury rus patyşalarynyň kabulhanasy bolan Gyşky köşkdür. «Ermitaž» sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Muzeýde gadymy we häzirki güne çenli dürli döwürlere, sungat akymlaryna degişli 3 milliondan gowrak sungat eseri saklanýar. Bu ýerde Leonardo da Winçi, Rembrandt, Wan Gog, Pikasso ýaly tanymal sungat ussatlarynyň naýbaşy eserleri jemlenendir. Muzeý dünýäniň dürli künjeginden antik döwre degişli sungat we medeni gymmatlyklaryň giň toplumy bilen meşhurdyr. «Ermitaž» ylmy-barlag işlerine hem işjeň gatnaşýar. Bu ýerde medeniýet-sungat ulgamlarynyň meseleleri boýunça umumy we ussatlyk sapaklary, maslahatlar geçirilýär. Muzeý halkara sergilere gatnaşýar. Bu bolsa oňa medeni durmuşyň öňdebaryjylarynyň hatarynda bolmaga, dünýäniň beýleki ugurdaş edaralary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde dürli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem taryhyna we medeniýetine degişli gymmatlyklar bar. Şolaryň hatarynda gadymy Nusaýdan, Merwden tapylan arheologik tapyndylar, gadymy senetçileriň keramika, metal, dokma önümleri, halylar, milli lybaslaryň nusgalary bar. Şeýle hem O.Atabaýewa Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Tawriçeskiý köşgüne baryp gördi. “Tawriçeskiý köşgi” döwlet toplumy Newa derýasynyň kenarynda ýerleşip, federal ähmiýetli medeni mirasyň obýekti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu ýerde maslahatlar, sammitler, medeni çäreler geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir