Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşdy. Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat we ynsanperwer gurama hökmünde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermegiň öz wekilçilik edýän düzüminiň esasy maksady bolup durýandygyny nygtap, bu asylly wezipäniň amala aşyrylmagynyň, şol sanda keselleri anyklamak, öňüni almak we bejermek ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda anyklaýyş, bejergi işinde ulanylýan biomedisina nanotehnologiýalary, biomedisina elektronikasy, biomedisina kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlarda tejribe hem-de maglumat alyşmagyň wajypdygy bellenildi. Ý.Dibrowa iki gaznanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejergi işinde toplan tejribesiniň öňdebaryjy biomedisina tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagynyň çagalaryň saglygyny dikeltmek işine goşant goşjakdygyny nygtady. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gazna bilen bilelikdäki işiň ähmiýetini belläp, oňa strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant hökmünde garaýandygyny tassyklady. Soňra O.Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy. D.Gurskaýa şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini aýtdy. Şeýle-de ol gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Oguljahan Atabaýewa teklibi kabul edip, duşuşmaga ýörite Sankt-Peterburga gelendigi üçin D.Gurskaýa minnetdarlyk bildirdi. Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi. Soňra O.Atabaýewa daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy. Oguljahan Atabaýewa bu gaznanyň işi bilen tanşandygyny belläp, onuň işinde çagalaryň başarnyklaryny durmuşa geçirmäge, olaryň bilim we dynç almagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň guwandyryjydygyny aýtdy. Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy. Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti häzirki wagtda gazna tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, bu işiň halkara ugrunyň, ilkinji nobatda, ynsanperwer ugurly guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy esasynda alnyp barylmalydygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler wekilçilik edýän gaznalarynyň maksatlarynyň birdigini aýdyp, birek-birege alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir