Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýjy önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri bar. Goňşy ýurduň sergä gatnaşýan düzümleriniň sanawy Eýran Yslam Respublikasynyň gaýtadan işleýän senagatynyň we goňşy ýurduň işewür düzümleriniň geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda eýeleýän ugurlary pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär. 22-nji noýabra çenli dowam etjek eksport mümkinçilikleriniň sergisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem sergä gatnaşýan kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin maglumat alarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir