18-19-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy. Wekiliýete Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, Hazarýaka döwletleriniň sebitleriniň häkimleri, hormatly myhmanlar, diplomatik korpusyň wekilleri hem-de resmi adamlar gatnaşdylar. Maslahatda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi, medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk ministri Mohammadreza Salehi Amiri, daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi, Gilan welaýatynyň häkimi Hadi Haghşenas, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow we beýleki Hazarýaka döwletleriniň hem-de Pars aýlagynda ýerleşýän Eýranyň welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler. Çykyşlarda söwda-ykdysady ugurda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, täze ugurlary işläp taýýarlamak we Pars aýlagy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly meseleler beýan edildi. Saparyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň häkimi I.Babuşkiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň häkimi H.Haghşenasyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem, Gilan welaýatynda ýerleşýän Anzali erkin söwda zolagynda ýerleşýän portuň mümkinçilikleri bilen tanşyldy hem-de ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezýän serginiň işine gatnaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir