18-nji noýabrda Pariždäki Arap dünýäsi institutyna türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň arap diline terjime edilen eserleriniň seýrek nusgalary gowşuryldy. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi. Instituta gelen myhmanlary Dil we medeniýet merkeziniň, kitaphananyň ýolbaşçylary, institutyň prezidentiniň diplomatik geňeşçisi we administrasiýanyň wekilleri garşyladylar. Türkmenistanyň wekillerine institutyň arap dilini, edebiýatyny we sungatyny wagyz etmek boýunça Fransiýanyň öňdebaryjy medeni merkezleriniň biri hökmünde alyp barýan işleri barada gürrüň berildi. Wekiliýetiň agzalary bilim maksatnamalary bilen tanyşdylar, Ýewropadaky iň uly arap dilindäki edebiýat kitaphanasyna baryp gördüler we häzirki arap sungatynyň sergisini synladylar. Duşuşykda, şeýle hem, medeniýet we bilim ulgamynda, şol sanda bilelikdäki taslamalar we alyş-çalyş çäreleri boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen nusgawy şahyranyň kitaplary minnetdarlyk bilen kabul edildi we olar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky medeni alyş-çalyşda möhüm goşant hökmünde atlandyryldy.