Emeli aň “Ýylyň adamy” adynyň eýesi hökmünde Time amerikan žurnalynyň daşynda peýda bolup biler. Polymarket bukmeker agentligi şeýle ähtimallygy 37% diýip hasaplaýar. Bu ada eýe bolmak mümkinçiligi boýunça ikinji orunda Nvidia kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jensen Huang ýerleşýär – 17%. Rim papasy Lew XIV-niň mümkinçiligi 15%. OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altmanyňky 8%, ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň mümkinçiligi bolsa 7%. Ýatlap geçsek, Tramp geçen ýyl Time tarapyndan “Ýylyň adamy” diýlip atlandyrylypdy. Time žurnaly 1927-nji ýyldan bäri ýylyň adamyny yglan etmek bilen jemleýji dekabr sanyny çykarýar. Ilkinji bolup bu ada 25 ýaşynda Atlantik ummanynyň üsti bilen – Nýu-Ýorkdan Pariže ilkinji gonuşsyz uçuşy amala aşyran Çarlz Lindberg mynasyp bolupdy. Ýylyň adamy saýlananda dalaşgäriň ýylyň dowamynda jemgyýete ýetiren uly täsiri göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde, ol täsir oňyn we oňyn däl hem bolup biler. Çözgüt maslahatlaşmalardan we işgärleriň dürli pikirlerini göz öňünde tutup, dalaşgärler saýlanandan soň redaksion kollegiýa tarapyndan kabul edilýär. Dürli ýyllarda “Ýylyň adamy” adyna Mahatma Gandi, Adolf Gitler, Iosif Stalin, Uinston Çerçill, Şarl de Goll, Ýelizaweta II, Nikita Hruşýow, “Apollon 8-iň” astronawtlary, Den Sýaopin, personal kompýuter (1982-nji ýylda maglumat eýýamynyň başlangyjyny habar beriji hökmünde), Wladimir Putin, Jo Baýden, Angela Merkel, Jeff Bezos, Ilon Mask, Teýlor Swift we beýlekiler mynasyp bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir