3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar. Stetleriň sözlerine görä, onuň Gün ulgamyna giren wagtyndaky tizligini göz öňünde tutsaň, ol örän gadymy ýyldyzyň töwereginde emele gelen ýyldyz ulgamyndan gelen bolmaly. Mundan başga-da, NASA kometanyň Ýere we Gün ulgamymyzdaky beýleki jisimlere howp salmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, Amit Kşatriýa sosial ulgamlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 3I/ATLAS-yň emeli gelip çykyşy baradaky jedellere garamazdan, onuň hut kometadygyny belledi. “Bu jisim kometadyr. Ol kometa ýaly görünýär we özüni kometa ýaly alyp barýar, ähli maglumatlar onuň kometadygyny görkezýär” – diýip, ol belledi. Ozal Garward uniwersitetiniň tebigy ylymlar professory Awi Lýob asman jisiminiň kometalar üçin mahsus bolmadyk “üýtgeşik seýrek ugur” boýunça hereket edýändigini, şol sebäpli onuň emeli gelip çykyşynyň mümkindigini aýtdy. Onuň kärdeşleri bu pikiri ret etdi. Umuman, Lýob başga planetalylaryň jisimi baradaky çaklamany ilkinji gezek öňe sürmeýär. 2018-nji ýylda ol Oumuamua asteroidini başga planetalylaryň kosmos gämisi diýip atlandyrypdy.