Fýodor Konýuhowyň ekspedisiýasy Antarktida geldi, bu ýerde syýahatçy ylmy-gözleg stansiýasynda ýekelikde dört aý geçirer. RIA Nowosti agentliginiň syýahatçynyň ogly Oskar Konýuhowa salgylanyp habar bermegine görä, 28 gatnaşyjydan ybarat ekspedisiýa 14-nji noýabrda Argentinadan iki bogaldakly şhunada Antarktida geldi. Olar Russiýanyň Antarktidadaky Bellinsgauzen bazasyna (Günorta Şetland adalary arhipelagynyň düzüminde King-Jorj adasy) bardy, 19-njy noýabrda agşam bolsa Smolensk adalaryna (ýa-da Liwingston, ady agzalan arhipelagyň düzüminde) tarap ýola düşdi. Olar ylmy-gözleg stansiýasyny gurmak üçin üç gün adada bolar. Enjamlar gurnalandan soň, Fýodor Konýuhow ol ýerde mart aýynyň ortalaryna çenli ýeke galar. Stansiýada wagty ol Antarktika ýarymadasynyň kenarýaka suwlarynda mikroplastigiň düzümini kesgitlemek bilen baglanyşykly ylmy gözlegler, şeýle-de howanyň hapalanmak derejesini öwrenmek bilen meşgullanar. Geljekde syýahatçy programmany giňeldip, stansiýada dokuz aý ýekelikde galyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir