Meta dünýäde açyk elýeterlilikdäki iň uzyn suwasty kabel ulgamy bolan 2Africa-nyň esasy infrastrukturasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Taslama Gündogar we Günbatar Afrikany birleşdirip, yklymyň Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Ýewropa bilen arabaglanyşygyny üpjün edýär. Häzir ulgam 33 ýurdy gurşap alýar we 3 mlrd adamy – Ýeriň ilatynyň üçden birinden gowragyny aragatnaşyk bilen üpjün etdi. Iş Meta-nyň başda durmagynda Bayobab (MTN Group), center3 (stc), CMI, Orange, Telecom Egypt, Vodafone Group we WIOCC kompaniýalaryny öz içine alýan konsersium tarapyndan alnyp barylýar. 2026-njy ýylda Pearls taslamasynyň giňeldilmegi bilen ulgamyň umumy uzynlygy 45 müň kilometrden geçer. Ulgamy geçirmek işi döwlet we hususy kärhanalaryň gatnaşmagyny, 50 sany dürli ýurtda we sebitde rugsat almagy talap etdi we alty ýyl töweregi wagt aldy. Açyk elýeterlilikdäki model infrastrukturany birnäçe operatoryň ulanmagyna mümkinçilik berýär, bu hem sebitde internet ösüşini tizleşdirýär. Kabel suwasty turbalar we tebigy töwekgelçilikler bilen 60-dan gowrak kesişmeleri göz öňünde tutup, öňki ulgamlar bilen deňeşdirilende 50% artdyrylan çuňlukda geçirildi. Taslama 35 deňiz gämisi we kenarýaka toparlary gatnaşdy. 2Africa 16 jübüt süýümi we SDM tehnologiýasyny ulanýar, bu bolsa geçirijilik ukybyny ep-esli artdyrýar. Mysal üçin, günbatar bölekde ol bir jübüt süýüm üçin 21 Tbit/sek ýetýär. Ýakyn ýyllarda internete elýeterliligiň giňeldilmeginiň, telekeçiligiň we sanly hyzmatlaryň ösdürilmeginiň hasabyna ulgamyň Afrikanyň JIÖ-sine, takmynan, 36 mlrd dollara çenli goşant goşmagyna garaşylýar.