18-nji noýabrda Türkmenistanyň Maşat şährindäki (Eýran Yslam Respublikasy) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barada nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň welaýat häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň özara saparlarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de saparyň çäklerinde sergileriň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň ähmiýetini bellediler. Mundan başga-da iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir