Nemes alymlarynyň halkara barlaglarynyň netijelerine görä, Ýeriň atmosferasy kosmos galyndylary sebäpli metallar bilen barha köp hapalanýar. Orbital mega-toparlaryň döremegi we uçuşlaryň köpelmegi bu prosesi has-da güýçlendirýär. Bu metallar esasan hatardan çykan ýa-da ulanyş möhleti tamamlanandan soň ýakylyp utilizasiýa edilýän hemra böleklerinden, atmosferada ýanýan raketalaryň ýokarky basgançaklaryndan emele gelýär. Alymlar soňky ýyllarda “kosmos zibilleri” diýen täze atlandyrmany berýärler — ýagny ýakmak üçin atmosfera düşýän orbital galyndylar. Hasaplamalara görä, 2020–2024 ýyllaryň arasynda atmosfera düşýän kosmos zyňyndylarynyň umumy massasy 3 tonnadan 7,8 tonna çenli, ýagny iki esse artdy. Bu ýagdaý indi meteorit galyndylarynyň täsirinden hem güýçli bolup başlady. Atmosfera düşýän metallaryň arasynda ozon gatlagynyň bozulmagyna täsir edip bilýän güýçli katalitik elementler bar. Olar mezosfera ýetip, ozon gatlagyny zaýalap biler, bulutlaryň emele gelmegine we howa şertleriniň üýtgemegine täsir edip biler, ýagyş bilen Ýeriň ýüzüne düşüp, adamlaryň saglygyna we ekoulgamlara howp döredip biler. Alymlar gözegçiliksiz orbitadan gaçýan galyndylaryň aýratyn howpludygyny belläp, kosmos jemgyýetçiligini bu mesele boýunça anyk gözegçiligi we utgaşdyrylan çözgütleri işläp taýýarlamaga çagyrýarlar.