Toyota Tacoma, bäsdeşlerinden ep-esli arany açmak bilen, ABŞ-da iň geçginli orta göwrümli awtoulag boldy. 2025-nji ýylyň birinji üç çärýeginde 204 464 sany ulag satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 61,2 % köp diýmekdir diýip, Motor1 ýazýar. Ösüş belli bir derejede modeliň täze, dördünji nesliniň çykmagy bilen düşündirilýär. Bu tendensiýa dowam etse, ýylyň ahyryna çenli satuwlar soňky on ýylda iň gowy netijäni görkezip, 2021-nji ýyldaky görkezijiden, ýagny 257 000 ulagdan hem köp bolup biler. Beýleki Modelleriň satuwy: Ikinji ýerde 77 390 satylan ulagy bilen Chevrolet Colorado durýar. Üçünji ýeri Ford Ranger eýeleýär, onuň 48 278 sanysy satylyp, satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 57,4% köpeldi. Nissan Frontier hem onuň yzyndan ýetip gelýär, onuň 47 630 sanysy satyldy, ýöne geçen ýylky sany bilen deňeşdirilende 12,2 göterim azaldy. Jeep Gladiator hem şu ýyl satylan 38 513 sanysy bilen birinji bäşlige girýär.