Tunisli arheologlar gadymy Karfageniň Tofet ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda seýrek artefakty — b.e. öňki IV asyryň zenan mermer nikabyny tapdylar. Arkeonews neşiriniň habar bermegine görä, ony dini desgany bezäp, ene aladasyny we önelgeliligini alamatlandyrýan aýal hudaý Tanita bagyşlanypdyr diýlip çaklanylýar. Nikapdaky ýüz uly ak mermer böleginden ýasalyp, ýokary takyklykda jikme-jik işlenipdir. Saçlary Finikiýanyň ýokary jemgyýetiniň zenan wekillerine mahsus finikiýa stilinde örülipdir. Deslapky barlaglar mermeriň Gündogar Ortaýer deňzindäki karýerlerden getirilendigini görkezdi. Bu Karfageniň we Finikiýanyň Tir we Sidon ýaly medeni we ykdysady merkezleriniň arasynda ysnyşykly söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Tofet ybadathanasy Karfagen portlarynyň golaýynda ýerleşip, b.e. öňki VIII-II asyrlarda möhüm dini merkez bolupdyr. Bu ýerde puni siwilizasiýasynyň däp-dessurlaryny açyp görkezýän müňlerçe peçler, sütünler we ýazgylar tapyldy. Täze nikap bu maglumatlaryň üstüni ýetirýär. Alymlar mermeriň we pigment galyndylarynyň gelip çykyşy bilen birlikde, artefakty has jikme-jik öwrenmegi meýilleşdirýärler. Heýkel zenan hudaý Tanitiň ak patasyny almak isleýän asylzada maşgalanyň sargydy boýunça ýasalan bolsa gerek. Bu açyş, Karfageniň b.e.öňki 146-njy ýylda Rim ýykylmazyndan ozal Ortaýer deňiz sebitiniň ösen medeni we söwda merkezi bolandygyny tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir