Öz gündeliginde Rouz atly zenana bolan duýgulary barada ýazan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär. 21 ýaşly Ernest Tomlin üçünji derejeli ýolagçydy. Ilkibaşda ol başga bir gämä – “Adriatige” petek satyn alypdy, ýöne ahyrynda ol “Titanik” gämisine geçirildi. Tomlin gämä Sautgemptonda mündi. Ol dini ylymlar boýunça dereje almak maksady bilen ABŞ-a ugrapdy. 10-njy aprelde 15:00-da ol ene-atasyna bäş sahypalyk hat ugratdy. Onda Tomlin bile bolmak miýesser etmejek Rouz sebäpli gije-gündiz aglandygyny boýun aldy. Şeýle-de, ol gynanç bilen maşgalasyndan aýrylýandygyny ýazypdyr. 15-nji aprelde Ernest Tomlin gäminiň heläkçilige uçran wagty beýleki ýüzlerçe ýolagçylar bilen birlikde heläk boldy. “Bellibir derejede Ernest, hakykatdanam, Leonardo Di Kaprionyň gahrymany Jek Dousona meňzeş: ol üçünji derejeli ýolagçy bolupdyr, bortda humarly oýunlary oýnapdyr we görnüşi ýaly, Rouz atly zenana aşyk bolupdyr” – diýip, auksionçy Endrýu Oldrij belledi. Tomliniň jesedi tapyldy. Onuň ýanynda şahsy gündeligi bolup, onda soňky ýazgy 10-njy aprel bilen senelenýär we ýekeje söz – “Titanik” bar. Garyndaşlary Ernestiň şahsy goşlaryny saklady we ilkinji gezek olary auksiona çykarmak kararyna geldi. Auksion 22-nji noýabrda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir