Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň durmuşynyň abadançylygy ugrunda milli we halkara derejede giň gerimli işlerini dowam edýär. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, ýakynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç ýaşajyk türkmenistanlylaryň saglygyny bejermek boýunça işleriň ýene-de birnäçesi ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde ýürek kemisligi keselinden ejir çekýän, Mary welaýatyndan 9 aýlyk çaga Nepes Annamyradowa we Lebap welaýatyndan 11 ýaşly Ylham Babajanowa ýerli lukmanlarymyz tarapyndan kardiohirurgiki operasiýalar üstünlikli amala aşyrylandy. Mundan başga-da, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Mary welaýatyndan 1 ýaş 2 aýlyk çaga Kerimberdi Meretdurdyýewe lukmanlarymyz tarapyndan urologiki hirurgiýa operasiýasy üstünlikli ýerine ýetirildi. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem ýurdumyzyň sebitlerinden bolan çagalaryň saglygy tassyklanan meýilnama esasynda yzygiderli bejerilýär.