Disney “Moananyň” oýun remeýkiniň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda daşary ýurt prokatyna çykar. Filmde baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän 17 ýaşly Ketrin Lagaýýa ýerine ýetirdi. Güýçli ýarymhudaý Mauini bolsa Dueýn Jonson oýnady – 2016-njy ýylyň multfilminde-de bu gahrymana hut Dueýn ses beripdi. Waka 2000 ýyl ozal Ýuwaş umman adalarynda bolup geçýär. Baş gahryman, 14 ýaşly şa gyzy Moana Waýaliki öz maşgalasyny halas etmek üçin ertekä öwrülen adanyň gözlegine ugraýar. Ýolda ol Mauä duşýar we olar bilelikde ummany ýüzüp geçip, deňiz nägehanlary bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar. Tizerde görkezilen sahnalar wizual taýdan animasion wersiýadan kän bir tapawutlanmaýar. Remeýkiň režissýory Tomas Keýl boldy, ssenarini bolsa Dana Ledu Miller asyl multfilmiň ssenariçisi Jared Buş bilen bilelikde ýazdy. Aýdym-saz bezegini Mark Mançina ýerine ýetirer, Lin-Manuel Miranda bolsa prodýuserleriň biri bolar.