The Game Awards baýragynyň prodýuseri we alypbaryjysy Jeff Kili 2025-nji ýylyň baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Resmi saýtda eýýäm halaýan oýnuň üçin ses berip bolýar. Clair Obscur: Expedition 33 12 kategoriýada dalaşgär bolup, baýragyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen oýun boldy. Oýun Death Stranding 2: On the Beach, Donkey Kong Bananza, Hades II, Hollow Knight: Silksong we Kingdom Come: Deliverance II bilen bir hatarda “Ýylyň oýny” ady üçin bäsleşer. Death Stranding 2: On the Beach we Ghost of Yotei oýunlarynyň her biri 8 kategoriýada dalaşgär görkezildi. Hades II 6, Hollow Knight: Silksong 5, Split Fiction 4 baýraga dalaş edýär. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda geçiriler. Esasy kategoriýalarda dalaşgärleriň sanawy: Ýylyň oýny: ·Clair Obscur: Expedition 33 ·Death Stranding 2: On the Beach ·Donkey Kong Bananza ·Hades II ·Hollow Knight: Silksong ·Kingdom Come: Deliverance II Iň köp garaşylýan oýun: ·007 First Light ·Grand Theft Auto VI ·Marvel’s Wolverine ·Resident Evil Requiem ·The Witcher IV Iň gowy sýužet: ·Clair Obscur: Expedition 33 ·Death Stranding 2: On the Beach ·Ghost of Yotei ·Kingdom Come: Deliverance II ·Silent Hill f Iň gowy indi-oýun: ·Absolum ·Ball x Pit ·Blue Prince ·Clair Obscur: Expedition 33 ·Hades II ·Hollow Knight: Silksong

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir