18-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Keniýa Respublikasynyň daşary işler we diaspora işleri boýunça ministri Musaliýa Mudawadi hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine, syýasy dialogyň ösdürilmegine, şeýle hem ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmasyny tassykladylar. Söhbetdeşler 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.