Sotheby’s auksion öýi markanyň mälim bolan modelleriniň iň çylşyrymlysy, şahsy kolleksiýada saklanýan örän seýrek Audemars Piguet Grosse Pice jübi sagadyny auksiona çykarar. Important Watches auksiony 2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Nýu-Ýork şäherinde, taryhy Breuer Building binasynda geçer. Söwdalaşyklardan öň sagatlar, 5-7-nji dekabr aralygynda geçiriljek we kolleksiýanyň dünýä syýahatyny jemlejek Exceptional Discoveries: The Olmsted Complications Collection sergisinde görkeziler. Sergi ozal Ženewada, Gonkongda we Dubaýda görkezilipdi. Grosse Pice-iň taryhy 1914-nji ýylda, Londonda ýerleşýän Smith & Sons kompaniýasy Audemars Piguet-e günorta amerikaly bir müşderi üçin jübi sagadyny döretmegi tabşyranda başlanypdy. Ony döretmek üçin alty ýyl gerek bolupdy. 1921-nji ýylda sagat ussalary 18 çylşyrymlylygy özünde jemleýän — öz döwrüniň täsirli tehniki üstünligi bolan 80 mm diametrli modeli ýasamagy tamamladylar. 1920-nji ýylda geçirilen Ženewa sergisinden soň, sagat bir asyr töweregi wagtlap kolleksionerleriň gözünden ýitdi. Häzirki wagtda onuň bahasy 500 müň - 1 million dollar aralygynda bahalandyrylýar we ol Audemars Piguet-iň "döredijiliginiň çür başy" hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir