Awstraliýanyň Melburn şäherinde bir wagtyň özünde 374 sany wolynkaçy AC/DC-iň “It’s a Long Way to the Top” aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord bolgariýaly 333 sazanda degişli bolup, 2012-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi diýip, APNews habar berýär. “Beýik Melburn wolynka söweşi” diýlip atlandyrylýan bu uly çäre Federasiýa meýdançasynda geçdi. Hut şol Swonston köçesinden 1976-njy ýylda AC/DC agzalary şol bir hitiň wideosynda ýük awtoulagynda aýdym-saz bilen geçipdiler. Asyl wideoda ýarym asyr töweregi ozal AC/DC bilen saz çalan iki sazandanyň - Les Kenfildiň we Kewin Konlonyň gatnaşmagy bu dabara has-da üýtgeşik äheň goşdy. "Şol döwürde munuň nähili uly wakadygyna düşünmeýärdim. Indi munuň durmuşymdaky iň uly wakalaryň, belki-de ömrümde iň beýikleriniň biridigine düşündim" - diýdi Kenfild. Fleşmobyň iň goja gatnaşyjysy 98 ýaşynda.