Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr. "Biziň maksadymyz Russiýa Federasiýasynyň ähli çäginde ýaýran ähli wiruslary ýüze çykarmakdyr. Biziň üçin diňe bir bar bolan ähli wiruslary tapmak däl, eýsem, adam üçin patogen bolanlary anyklamak aýratyn möhümdir" - diýip, "Wektoryň" baş direktory Aleksandr Agafonow aýtdy. Merkez munuň ähtimal ählumumy pandemiýanyň öňüni almak üçin geçirilýän çäreleriň biridigini belleýär. Agafonowyň sözlerine görä, indi tapylan wiruslaryň näderejede çalt ewolýusiýa geçjekdigini we ilat üçin howp döredip biljek ştamlarynyň ýüze çykyp-çykmajakdygyny bilmek galýar. Ol täze dermanlaryň we waksinlaryň gurluşyny çaklamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň ähmiýetini hem nygtady.