Hytaý gelip çykyşly malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo kinematografiýa goşan goşandy üçin abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar. Baýrak oňa 12-nji fewralda Berlin film festiwalynda gowşurylar diýip, Variety habar berýär. Ýeo 50-den gowrak filmde, şol sanda “Oskar” we “Altyn globus” baýraklaryny alan, A24-iň “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (“Всё везде и сразу”) filminde janlandyran baş keşpleri we Kewin Kwanyň “Çenden aşa baý aziýalylar” (“Безумно богатые азиаты”) filminde oýnan baş keşbi bilen tanalýar. "Mişel Ýeo — suratkeş we hyýalkeşdir, onuň işleri serhetleri — goý ol geografiki, dil ýa-da kinematografiki serhetler bolsun — pozmagy başarýar. Onuň hökmürowan barlygy, batyrgaý döredijilik çözgütleri we üýtgewsiz stili Berlinalede we bütin dünýäde kinematografiýaçylaryň we janköýerleriň nesillerinde ýatdan çykmajak yz galdyrdy" – diýip, Berlin film festiwalynyň müdiri Trişa Tattl belledi. Mişel Ýeonyň özi munuň özi üçin aýratyn bir waka bolandygyny aýtdy. "Berlin ýüregimde elmydama aýratyn orun tutýardy. Bu meniň işlerimi şeýle mähir we sahylyk bilen kabul eden ilkinji festiwallardan biri boldy. Şunça ýyldan soň gaýdyp gelmek, kinematografiýada ýolumyň ykrar edilmegi hakykatdanam ähmiýetlidir" diýip, aktrisa aýtdy.