Alymlar çäge däneleriniň ululygyndaky kiçijik robotlary döretdiler — olar gan damarlary arkaly hereket edip, derman serişdelerini zerur ýerine takyk eltip, soňra bedende ýaýrap (ereýär) ýok bolup bilýär. Bu mikro-robotlary dolandyrmak magnit meýdanlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, bu bolsa kapsulany bedeniň zerur böleklerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle tehnologiýa az mukdarda derman goýbermäge we bütin bedeni bejereniňde zäherli täsirleriň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edip biler. Science žurnalynda çap edilen makalada aýdylyşy ýaly, mikro-robotlar eýýäm doňuzlaryň we goýunlaryň gan damarlarynda synag edildi. Netijeler we mümkinçilikler Şweýsariýanyň Sýurihdäki Federal tehnologiki institutynyň mehanik-inženeri we taslamanyň ýolbaşçylarynyň biri Bredli Nelson ulgamyň entek adamlarda synag edilmelidigini, ýöne onuň umyt berijidigini belleýär: "Ulgam umyt beriji görünýär, sebäbi adamyňky ýaly ululykdaky bedenlerde işleýär we onuň ähli düzüm bölekleriniň biouýgunlygy (bio-compatibility) eýýäm subut edildi". Nelsonyň sözlerine görä, döredilen dermanlaryň takmynan üçden bir bölegi ýokary zäherliligi sebäpli bazara çykmaýar. Mikro-robotlar ýany täsirleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin has kiçi dozalary göni zeper ýeten ýerlere goýbermäge mümkinçilik berip biler. Bu bolsa insult döredýän damar dykylmalaryny ýa-da beýni çişlerini (oňkoloji keseller) bejermek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir