80 ýaşly amerikaly aýal Natali Grabou Kaýlua-Konada (Gawaýi) geçirilen IRONMAN dünýä çempionatynyň iň uly ýaşly gatnaşyjysy boldy. Onuň ady Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Grabou gyzlaryň guramaçylykly sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi az bolan döwürde ulaldy, ýöne goýalyşan ýaşda ol işjeň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip başlady. Ol 59 ýaşynda ýörite triatlona gatnaşmak üçin suwda ýüzmegi öwrendi. Soňky 20 ýylda 100 töweregi ýaryşa, şol sanda 16 doly Ironman distansiýasyna gatnaşdy. Ol ilkinji gezek 79 ýaşynda Ironman-y geçmegi maksat edinip, 2024-nji ýylda Ironman Maryland-de üstünlikli çykyş etdi. Tälimçiniň we dostlarynyň goldawy ony şu ýyl 80 ýaşynda dünýä çempionatyna gatnaşmaga ynandyrdy. Ýaryşlarda Natali 3,9 km aralygy 1 sagat 45 minutda ýüzüp geçdi, soňra sekiz sagat welosiped sürdi we 6 sagat 40 minutda marafony tamamlady. Onuň aýtmagyna görä, ol ýaryşyň dowamynda özüni ynamly duýup, gidratasiýadan we iýmitlenmekden kynçylyk çekmedi. Natali öz göreldesiniň gyzyklanmalaryňa eýermek üçin hiç haçan giç däldigini görkezjekdigine umyt edýär. “Meniň beýlekilere maslahatym – yhlasly zähmet çekmek, yzygiderli bolmak we şikes almazlyk üçin öz bedeniňe gulak asmak. Siz gündelik türgenleşiklerden lezzet almaly, şonuň üçin öz halaýan işiňi ýa-da sportuňy tapmak möhümdir” – diýip, Grabou belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir