Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Günüň dogýan ýurdundan gelen lukmanlar paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde hassalaryň saglygyny bejermek işine gatnaşýarlar. Aşgazan-içege ýollarynda häzirki zaman endoskopiki hirurgiýa amallaryny netijeli geçirmekde tejribeleriň alşylmagy ýerli lukmanlar üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Saglygy goraýyş işgärleri ornaşdyrylan öňdebaryjy lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda, ýüze çykarmakda netijeli ulanmak babatda hem pikir alyşdylar. 18-nji noýabrda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň professor-lukmanlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda häzirki zaman hirurgiýa bejeriş usuly bolan endoskopiki hirurgiýa ulgamynda gazanylanlary we olaryň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berildi. Maslahatda lukmançylygyň tyg ulanmazdan bejeriş usullary boýunça pikir alşyldy. — Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň hereket edýändigine biz şu gezekki saparymyzyň dowamynda aýdyň göz ýetirdik. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýerli lukmanlar bilen bilelikde endoskopiki hirurgiýa amallaryny ýerine ýetirdik. Lukmançylyk bejerişinde täze anyklaýyş we bejeriş usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky işleriň ýokary netijeliligini we hilini gazanmaga ýardam edýär. Iki ýurduň arasynda gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gatnaşýandygymyza diýseň şatdyrys — diýip, Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň professory, endoskopiýa lukmany Tomohiko Mariama aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir