Prezident Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Edgar Rinkewiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni 18-nji noýabrda bellenilýär. Bu sene 1918-nji ýyldan bäri Latwiýa Respublikasynyň yglan edilmeginiň hormatyna baýram edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir