Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji noýabrda Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde geçirilеn Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wekiliýete söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Sammitde innowasiýa, maglumat tehnologiýalary we arassa energetika ugurlary boýunça söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de bu ugurlarda maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanyň Söwda we senagat ministri Piýuş Goýal, Andhra-Pradeş ştatynyň baş ministri Nara Çandrababu Naidu we ýerli işewürler bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir