Ilon Maskyň oktýabrda işe girizilen Grokipedia onlaýn ensiklopediýasy auditoriýanyň uly bölegini derrew ýitirdi. Gysga wagtyň içinde saýtyň iň ýokary trafigi 90%-den gowrak azaldy. Similarweb-iň maglumatlaryna görä, ABŞ-da saýta girýänleriň iň ýokary derejesi 28-nji oktýabrda boldy we 460 000-den gowrak giriş hasaba alyndy, ýöne häzir saýta günde, takmynan, 30 000 adam girip görýär. Taslama meýletin redaktorlaryň işine esaslanan “Wikipedianyň” EA görnüşi hökmünde hödürlendi. Ensiklopediýanyň ilkinji wersiýasy derrew şübhe döretdi: köp makalalar bäsdeşiň materiallary bilen meňzeşdi. Mundan başga-da, “Wikipediany” esaslandyryjylaryň biri Larri Senger EA-nyň ýalňyşlyklary we toslap tapmalary üçin Grokipedia-ny tankytlady. Käbir synçylar başga garaýyşlary öňe sürýän we subýektiw häsiýetli materiallaryň bardygyny belledi. Soňra xAI topary üýtgeşme girizdi: ulanyjylar indi düzedişleri teklip edip, üýtgeşmeleriň kabul edilmegine ýa-da ret edilmegine düşündiriş goşup bilýär. Mask platformanyň ýokary hile ýeten wagty onuň Aýzek Azimowyň romanlarynyň şanyna Encyclopedia Galactica diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy. Ol munuň ähli möhüm bilimleri gurşap alýan tekst, audio, surat we wideo bilen açyk çeşme boljakdygyny belledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir