OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de toparlaýyn çatlary synagdan geçirmäge başlady. Täze funksiýa EA bilen söhbetdeşlige dostlaryňy, garyndaşlaryňy ýa-da kärdeşleriňi goşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ol Ýaponiýadaky, Günorta Koreýadaky we Taýwandaky ulanyjylar üçin elýeterlidir. ChatGPT kompaniýada söhbetdeş hökmünde peýdaly bolup biler. Ony syýahat ugurlaryny meýilleşdirmek, restoran saýlamak, abatlaýyş işlerini maslahatlaşmak ýa-da iş meselelerini çözmek üçin ulanyp bolar. Bot hödürlenen maglumatlaryň esasynda hasabat meýilnamalaryny döredip, tekstleri rezýumirläp we beýleki ýumuşlara kömek edip biler. Toparlaýyn söhbete başlamak üçin ChatGPT interfeýsiniň ýokarky sag burçundaky ýa-da eýýäm bar bolan söhbetdeşlikde birnäçe adamly nyşana basmak ýeterlik. Bar bolan söhbetdeşlikden başlananda bot öňki söhbetleri saklamazdan täze çaty döreder. Şondan soň çata gatnaşyjylary goşmak ýa-da onuň ssylkasy bilen paýlaşmak bolar. Bir çata 20 adam goşup bolýar we olaryň her biri at hem surat bilen profil döretmeli. Çat üçin ssylka alan ulanyjylar täze gatnaşyjylary çagyryp biler. Eger olaryň arasynda 18 ýaşdan kiçi adam bar bolsa, bot kontenti awtomatik usulda degişli auditoriýa üçin sazlar. Toparlaýyn çatlarda GPT-5.1 Auto EA modeli ulanylýar. OpenAI botuň habarlar akymyny yzarlap, öz sözlerini degişli pursatda goşup biljekdigini belledi. Gatnaşyjylar islendik sorag boýunça EA-a ýüz tutup biler. Giňişleýin işe girizmezden ozal, işläp düzüjiler ilkinji ulanyjylaryň synlary esasynda funksiýanyň işini sazlamagy meýilleşdirýär.