14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, kuwwatly tehnikalaryň hem-de seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen türkmen geologlary tarapyndan tebigy baýlyklaryň ýerasty gorlaryny ýüze çykarmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri has-da netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir